ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
28.05.2021 / Türkmenistan

Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi

Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi

Iýun aýynda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) mejbury zähmetiň ýatyrylmasyny göz öňünde tutýan 105-nji Konwensiýanyň Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilişine sereder. Bu diňlenşigiň öň ýany Kärdeşler Arkalaşyklaryň Halkara Konfederasiýasy (KAHK) özünüň dokladyny taýarlady. Dokladda pagta ýygym döwründe mejbury zähmeti ulanmaklygyň ýurtdaky dowam edýän giň iş tejribesi barada aýdylýar. Býujet ulgamyndaky işgärleri mejbur etmek sistemasy hut ýurduň häkimiýetleri tarapyndan guraldy diýip, bu dokladyň awtorlary belleýärler. 

Bu doklada jogap hökmünde Türkmenistanyň hökümeti öz teswirlerini taýarlady. Adaty boluşy ýaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri köp sanly garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanan faktlaryň garşysyna hiç-hili subutnamasy bolmadyk ret etmeleri getirýär we býurokratik äheňdäki başdan sowma jogap berýär. 

Býujet ulgamyna degişli işgärleriň zähmetini Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury ulanmak iş tejribesi özünüň köki bilen taryhyň sowet döwrüne çuňlaşyp gidýär. Öňki SSSR-a mahsus bolan planly ykdysadyýetiň modelini köp halatlarda özünde saklap galan garaşsyz Türkmenistan 21-nji asyrda-da ondan ýüz öwürmedi. Mundan 40 we 50 ýyl owal boluşy ýaly, býujet edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri mejbury ýagdaýda, käte işden kowulmak howpy astynda pagta ýygmaga ugradylýar. Munuň şeýledigini tassyklaýan subutnamalar näçe diýseň bar. Olaryň iň soňkylary, iň tämizleri turkmen.news neşiri we adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy guramasynyň bilelikde taýarlan «2020-nji ýylyň pagta ýygym döwründe mejbury zähmeti ulanmak bilen bagly Türkmenistandaky ýagdaýa syn» atly dokladda toplandy. 

«Pagtany ýygyp almakda döwletiň mejbury zähmeti giňden ulanýandygy baradaky kärdeşler Arkalaşyklaryň Halkara konfederasyýasynyň bellikleri esassyz we hakyky ýagdaýy şöhlelendirmeýär» diýip, Türkmenistanyň hökümetiniň hasabatynda aýdylýar. 

Subutnama hökmünde hökümetiň bu resminamasynda mejbury zähmeti çürt-kesik gadagan edýän türkmen kanunçylygynyň öwgä mynasyp maddalary jikme-jik getirilýär. Emma şu ýerde bir zady bellemek zerur. Mejbury zähmeti ulanmak we adam hukugynyň beýleki köp sanly bozulmalary namalarda resmi taýdan berkidilen diýip, garaşsyz synçylaryň hiç biri hem hiç-haçan öz diýenini gögertmedi. Türkmenistanyň kanunlary hemme halkara ölçeglere dolulygyna laýyk gelýär.Bärde problema diňe bir zat-da, ol hem şol kanunlaryň doly we dogry berjaý edilşinde. 

Şeýle hem hasabatyň awtorlarynyň hukuk goraýjy edaralara pagta ýygmaga mejbur edilmek bilen bagly ýekeje-de arzadyp şikaýatyň gelip gowuşmandygy baradaky beýýannamasy tankyda çydamsyz. «Ýokardan gelen görkezmä» salgylanyp, orta mekdepleriň we hassahanalaryň ýolbaşçylary öz tabynlygyndaky işgärleriden pagta meýdanyna çykmagy talap edýärler. Býujet işgärleri bu bolýan zatlaryň ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçysy tarapyndan makullanandygyna oňat düşünýärler. Prokuratura arza-şikaýat etmek synanşyklar bolsa gowy boldy diýlende iş orünyň ýitirmegine, erbet bolanda bolsa syýasy taýdan yzarlanmalara getirmegi mümkin. 

Dokladyň awtorlary pagta önümçiliginiň özünüň ýurduň ykdysadyýeti üçin beýle bir wajyp däldigini görkezjek bolýarlar. Mysal hökmünde olar şeýle sanlary getirýärler: 2015-nji ýylda pagtanyň çig mal hökmünde eksporty umumy içerki önümiň 1,8% bolan bolsa, 2020-nji ýylda ol görkeziji 1% çenli aşaklandy. «Emma muňa garamazdan pagta senagaty öňküsi ýaly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň esasy pudaklarynyň biri bolup galýar. Ol pudagyň ykdysadyýete wajyplygy pagtany ýygyp almakda däl-de, eýsem egirme-dokma fabriklerde iş orunlary döretmekden ybarat» diýip, resminamada nygtalýar. 

Soňky ýyllarda bu babatda Türkmenistana çynlakaý basyş edilýändigini aýratyn bellemek zerur. Köp sanly iri kompaniýalar türkmen pagtasyny we ondan bejerilen önümleri satyn almakdan boýun öwürdiler, çünki olar mejbury zähmeti ulanmak bilen alynan çig maldan peýdalanmaýarlar. Türkmen pagtasy we ondan ýasalan dokma önümleri ABŞ-a getirmek dolulygyna gadagan edildi. Ýurt içindäki çeşmeleriň bellemeklerine görä, ýerli dokma senagatyň çykarýan geýimleriniň bahasy tas on esse gymmatlapdyr. Mundan birnäçe ýyl ozal bular ýaly hili pes, emma bahasy arzan bolan egin-eşikleriň hyrydary köp bolardy. Indi bolsa uly ýaşly adamlaryň täze egin-eşik almaga gurbaty ýok, ösüp barýan çagalara bolsa öň geýilen zatlar gözlenýär

Türkmenistanyň oba ýaşaýjylarynyň 600-700 gektar ýere bary-ýogy üç traktoryň hyzmat edýändigi barada edýän şikaýata garamazdan, oba hojalyk ulgamynda zähmet ýokary derejede mehanizmleşdirilendir diýip, awtorlar öz dokladynda beýan edýärler.    

Şeýle-de dokladda adamlary pagta meýdanlaryna howpsuzlyk talaplary berjaý edilmedik ulag serişdelerinde gatnadýarlar diýilen maglumat hem ret edilýär. Turkmen.news neşiriniň ygtyýarlygynda pagta ýygymçylary gatnadýan ýük ulaglaryň suratlary bar. Ol suratlaryň käbirleri Daşoguz welaýatynyň etraplaryndaky ýygymçylary jemläp, olary guramaçylykly pagta ugradylýan nokatlarda, häkimlikleriň binasynyň golaýynda düşürilen. Biz ol suratlary çap edip bilemizok, çünki ýörite gulluklar suratlaryň awtorlaryny anyklap, olary azatlykdan mahrum edilýän ýerlere ugradarlar. 

Şol sebäpden býujetçilerden ýa-ha özleriniň pagta gitmelidikleri, ýa-da hakyna tutulan ýygymçynyň zähmetini tölemelikleri talap edilen ýygnaklardan alynan ses ýazgylary hem aýan edip bolanok. Milli howpsuzlyk ministrligi daşary ýurtlardaky garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýänleri yhlas bilen gözleýär, şonuň üçin öz çeşmelerimizi urgy astynda goýmaga biziň hakymyz ýok. Emma bu ses ýazgylar redaksiýada bar we adwokasiýa çäreleriň dowamynda biz olar bilen halkara guramalar bilen paýlaşýarys. 

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurtda mejbury zähmetiň ulanylýanlygyny çürt-kesik ret etmesiniň özi olarda bu problemany çözmek niýetleriniň asla ýoklugyny habar berýär. Bu meselede halkara guramalar bilen bilelikde hereket etmek üçin halkara ölçeglere doly laýyk gelýän kanunlary ýerine ýetirmek däl-de, olary diňe kabul etmek we bu kanunlaryň berjaý edilýänligi barada gury sözlerden düzülen hasabatlary taýarlamaklyk doly ýeterlik diýip, ýurduň häkimiýetleri hasaplaýarlar. 

Hökümet delegasiýasy iýun aýdaky konferensiýa gatnaşyjylaryň öňünde bu doklad bilen çykyş eder. Delegasiýanyň düzüminde öň bular ýaly köp sanly çärelerde birnäçe ýylyn dowamynda çykyş edip gelen wezipeli emeldarlar bar. Olaryň hemmesi ýurdy dolandyrýan režime sypaýylyk bildirýärler. Üstesine-de, olaryň arasynda jokrama yssyda ýa-ha sowuk howada öz esasy käri boýunça etmeli işiň deregine yzygiderli pagta ýygmaga mejbur edilýän ekeje-de adam ýok. 

Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamy nähili gurnalan?

Türkmenistanda ýerleriň aglaba bölegi döwlete degişlidir. Daýhanlar ýeri kärende esasynda alyp ulanýarlar. Haýsy meýdanda oba hojalyk ekiniň haýsy görnüşini ekmelidigini döwletiň özi berk kesgitleýär. Bu esasanam bugdaý bilen pagta. Döwlet tarapyndan kärendeçi-daýhanlara ekini ýygnap almak boýunça plan berilýar. Olar özlerine bellenen plany ýerine ýetirmäge we ýetişdirilen hasyly döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhlar boýunça dowlete tabşyrmaga borçly edilýärler. Döwlet emeldarlar bolsa oba adamlary tohum, dökün, tehnika we beýleki zerur zatlar bilen üpçün etmäge borçly. Emma olar öz borjuny ýerine ýa-ha ýetirenoklar ýa-da gowşak ýetirýärler: has takygy pagta ýygýan maşynlaryň deregine olar pagta ýygmakdan boýun gaçyrany üçin işden kowulmak gorkusy astyna düşen şäherden býujet guramalarynyň işgärlerini getirýärler. Käbir býujet edaralarynda ulgam kämilleşdirilýär: edara ýolbaşçylary özleriniň tabynlygyndaky işgärlerden gapdaldan hakyna tutulan pagta ýygymçylar üçin pul tölemeklerini talap edýärler.

 

Çeşme: Turkmen.news